Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Isa çölde kyrk gün bolup, şeýtan tarapyndan synaga salyndy. Ol ýabany haýwanlaryň arasynda ýaşady, perişdeler Oňa hyzmat etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Иса чөлде кырк гүн болуп, шейтан тарапындан сынага салынды. Ол ябаны хайванларың арасында яшады, перишделер Оңа хызмат этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:13
13 Iomraidhean Croise  

Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy.


Musa ol ýerde Reb bilen kyrk gije-gündizläp boldy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi. Ol Äht sözleri bolan bu on tabşyrygy ýasy daşlaryň ýüzüne ýazdy.


Näme Men Atamdan kömek sorap, ýüz tutup bilmez öýdýärsiňmi? Islesem, Ol şu pursadyň özünde Maňa on iki goşun perişdeden-de köp perişdeleri iberer.


Soňra iblisiň synamagy üçin, Mukaddes Ruh Isany çöle äkitdi.


Isa Mukaddes Ruhdan dolup, Iordan derýasyndan yzyna dolandy. Mukaddes Ruh Ony çöle alyp gitdi.


Kyrk gije-gündiz diýlende, Reb maňa iki ýasy daşy – äht daşlaryny berdi.


Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim.


Reb sizi ýok etmegi ýüregine düwende, men kyrk gije-gündizläp Onuň öňünde ýüzin düşüp ýatdym.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan