Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Şol wagt gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Шол вагт гөкден: «Сен Мениң сөвер Оглумсың, Мен Сенден көп разыдырын» диен оваз гелди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 1:11
19 Iomraidhean Croise  

Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Ine, Meniň goldaýan bendäm, göwnühoş bolup saýlanym; Ruhumy oňa berdim, ol milletlere adalat getirer.


«Ine, Meniň saýlan Bendäm, göwnühoş bolup, Ony söýenim; Ruhumy Onuň üstüne goýaryn, Ol milletlere adalaty yglan eder.


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Isa suwdan çykyp gelýärkä, asmanyň ýarylanyny we Mukaddes Ruhuň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Bulutdan: «Bu Meniň Oglumdyr, Saýlap-seçenimdir! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».


Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.


Meni iberen Atanyň Özi hem Men hakda şaýatlyk etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz.


Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe ynanýarys we muny anyk bilýäris» diýip jogap berdi.


Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy.


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan