Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Malaky 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Хөкмүрован Реб: «Өңүмден ёл тайярлар ялы, ине, Мен Өз векилими иберйәрин. Сизиң гөзлейән Таңрыңыз дуйдансыз Өз ыбадатханасына гелер. Сизиң хошал болян әхт Векилиңиз, ине, гелйәр» диййәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Malaky 3:1
38 Iomraidhean Croise  

Rebbe şan-şöhrat bolsun! Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.


«Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin.


Onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak goýuň. Oňa garşy baş galdyrmaň. Ol siziň beýle etmişiňizi bagyşlamaz, çünki ol Meniň adym bilen geler.


Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Onsoň Rebbiň wekili Hagaý Rebbiň şu habaryny halka ýetirip, şeýle diýdi: «Reb: „Men siziň bilendirin“ diýýär. Muny Reb aýdýandyr».


Şonda Lewi bilen eden ähtimiň saklanmagy üçin, bu buýrugy size ýollandygymy biliň. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Ine, Men-Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden öň, Özüm size Ylýas pygamberi ibererin.


Eger Ýahýany kabul etmek isleýän bolsaňyz, gelmegine garaşylýan Ylýas oldur.


Eý, balam, sen hem Beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsyň! Rebbe ýol taýýarlamak üçin, Onuň öňünden ýörärsiň.


Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler.


Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.


Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi.


Üç günden soň, Ony ybadathananyň howlusyndan tapdylar. Ol din mugallymlarynyň arasynda oturyp, olary diňläp, soraglar berýärdi.


Pawlus: «Ýahýa toba edenleri çümdürýärdi. Ol halky özünden soňra Gelene, ýagny Isa iman etmäge çagyrdy» diýdi.


Çölde ysraýyl halky bilen ýaşan hem şu Musadyr, Sinaý dagynda perişde bilen gepleşip, ata-babalarymyz bilen bile bolan hem şoldur. Ol ýaşaýyş sözlerini kabul edip, olary bize ýetirdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan