Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Malaky 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Öwüt-ündewiňizde tarapgöýlik edip, Meniň ýollarymy tutmandygyňyz üçin, Men hem sizi bütin halkyň öňünde kemsitdim we peseltdim».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Өвүт-үндевиңизде тарапгөйлик эдип, Мениң ёлларымы тутмандыгыңыз үчин, Мен хем сизи бүтин халкың өңүнде кемситдим ве песелтдим».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Malaky 2:9
30 Iomraidhean Croise  

Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.


Adamdan ýüz görmerin, ýaranjaňlyk etmen hiç kime.


Dogrularyň ýatlanmagy ýalkanyşdyr, erbetleriň ady çüýreýändir.


Ynsan akyl-paýhasyna görä öwülýär, adamda egri hyýal bolsa halanmaýar.


Bürenjekleriňizi-de ýyrtyp, halkymy eliňizden halas ederin, indi olar siziň eliňizde ýesir bolmazlar. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geler, erbet habar üstüne erbet habar çykar. Pygamberden boş ýere aýanlyk tama ederler; ruhany kanun öwretmez, ýaşuly öwüt bermez.


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Üstüňe nejislik ýagdyryp, ile ryswa ederin, tomaşa öwrerin.


Men siziň tohum-tijiňizi ýazgararyn. Baýramçylyklarda gurban edýän mallaryňyzyň dersini ýüzüňize sürterin we siz huzurymdan äkidilip, derse taşlanarsyňyz.


Emma siz ýoldan çykdyňyz we öwüt-ündewleriňiz bilen köp adamlaryň büdremegine sebäp bolduňyz. Siz Lewiniň ähtini bozduňyz. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.


Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady.


Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz narpyzdan, her hili ysly otdan ondan bir bölegi berýärsiňiz, emma adalat bilen Hudaýyň söýgüsini äsgermeýärsiňiz. Bularyň birini berjaý edip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz.


Ýygnagyň ýolbaşçylary meniň wagyz edýän Hoş Habaryma hiç zat goşmadylar. (Olar kim bolsalar-da, maňa parhy ýok, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine garamaýar!)


Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan