Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Malaky 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Şonda Lewi bilen eden ähtimiň saklanmagy üçin, bu buýrugy size ýollandygymy biliň. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Шонда Леви билен эден әхтимиң сакланмагы үчин, бу буйругы сизе ёлландыгымы билиң. Муны айдян Хөкмүрован Ребдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Malaky 2:4
21 Iomraidhean Croise  

Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.


Eý, Hudaýym, olaryň bu etmişini unutma. Çünki olar ruhanylyga ysnat getirdiler, ruhanylaryň we lewileriň ähtini bozdular.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Emma sag-salamatlygy pygamberlik edýäniň sözi hakykatdan-da amala aşanda, diňe şonda ol pygamberi Rebbiň ýollandygy belli bolar».


Ine, bu sözler dogry çykanda dogry çykyp hem gelýär olar öz aralarynda bir pygamberiň bolandygyny bilerler».


Şeýdip, Men beýikligimi we mukaddesligimi görkezjekdirin, köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.


Ogullaryň bilen äht çadyrynyň öňünde hyzmat edýärkäň, ataňyz Lewiniň tiresinden bolan ähli dogan-garyndaşlaryňyz size goşulyp, size hyzmat ederleri ýaly, olary-da ýanyňa getir.


Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim.


Şoňa görä hem oňa şuny aýt: „Men onuň bilen parahatçylyk ähtimi baglaşýaryn.


Onsoň Reb Musa şeýle diýdi:


«Men lewileri ysraýyllaryň nowbahar ogullaryna derek kabul edip aldym. Lewiler Meniňkidir,


«Ysraýyllaryň nowbahar ogullarynyň deregine lewileri, mallarynyň deregine bolsa lewileriň mallaryny kabul et. Lewiler Meniňkidir, Men Rebdirin.


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».


„Şäheriňizde aýagymyza ýapyşan tozany-da size garşy kakýarys. Emma şuny biliň: Hudaýyň Şalygy golaýlandyr!“ diýiň.


Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan