Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Malaky 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Men siziň tohum-tijiňizi ýazgararyn. Baýramçylyklarda gurban edýän mallaryňyzyň dersini ýüzüňize sürterin we siz huzurymdan äkidilip, derse taşlanarsyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Мен сизиң тохум-тиҗиңизи язгарарын. Байрамчылыкларда гурбан эдйән малларыңызың дерсини йүзүңизе сүртерин ве сиз хузурымдан әкидилип, дерсе ташланарсыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Malaky 2:3
16 Iomraidhean Croise  

Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin.


pisler öz nejasaty kimin baky ýok bolarlar, olary tanaýanlar: „Olar nirede?“ diýerler.


Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler.


Eý, Hudaý hoşamaý seret patyşa – galkanymyza, merhemet et Öz seçip-saýlanyňa.


Emma öküziň läşini, onuň derisini, içgoşuny düşelgäniň daşynda ýak. Bu günä gurbanlygydyr.


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Meýdanlar boşady, toprak aglaýar, çünki weýran boldy onuň gallasy. Şerap gurap galdy, zeýtun-da soldy.


Tohumlar çüýredi kesek astynda, ammarlar hem gugaryp galdy, galla ammarlary çagşap dagady, çünki galla ekinleri hasyl bermedi.


Üstüňe nejislik ýagdyryp, ile ryswa ederin, tomaşa öwrerin.


Öwüt-ündewiňizde tarapgöýlik edip, Meniň ýollarymy tutmandygyňyz üçin, Men hem sizi bütin halkyň öňünde kemsitdim we peseltdim».


Ol ne topraga, ne-de döküne ýarar, ony zir-zibile zyňarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»


Bize myjabat ýöňkänlerinde, mylaýymlyk bilen jogap berýäris. Biz şu pursada çenli ýer ýüzüniň çöp-çöri, dünýäniň zir-zibili kimin bolandyrys.


Meýdana köp tohum sepersiňiz, emma az hasyl alarsyňyz, çünki ony çekirtge iýip ýok eder.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan