Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Malaky 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Indi bize merhemet eder ýaly, Hudaýa ýalbaryp bir görüň!? Şeýle gurbanlyklar hödürläniňizden soň, Ol siziň soraýan zadyňyzy edermikä? Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Инди бизе мерхемет эдер ялы, Худая ялбарып бир гөрүң!? Шейле гурбанлыклар хөдүрләниңизден соң, Ол сизиң сораян задыңызы эдермикә? Муны Хөкмүрован Реб айдяндыр».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Malaky 1:9
15 Iomraidhean Croise  

Onsoň ruhanylardyr lewiler ýerlerinden turup, halka ak pata berdiler. Olaryň sesleri eşidilip, dilegleri gökdäki Hudaýyň mukaddes mesgenine ýetdi.


Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň?


Ýahuda patyşasy Hizkiýa we tutuş Ýahuda Mikany öldürdimi? Ýok, Hizkiýa Rebden gorkup, Oňa ýalbardy. Reb-de halkyň garşysyna aýdan betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Biz bolsak öz janymyza elhenç betbagtlyk getirýäris!»


Eger olar pygamber bolýan bolsalar, Rebbiň sözi olarda bolsa, onda Rebbiň ybadathanasynda, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalimde galan gap-gaçlar Babyla äkidilmesin diýip, Hökmürowan Rebbe ýalbarsynlar.


Tur! Gijeki nobat başynda perýat et! Ýüregiňi Taňrynyň huzurynda suw kimin dök! Her köçäniň başynda açlygyndan ýykylýan çagalaryňyň jany üçin eliňi ser Oňa.


Reb heniz şuny aýdýandyr: «Agyz bekläp, aglap, ýas tutup, tutuş ýüregiňiz bilen Maňa öwrüliň.


Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»


Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.


Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, emma kim Oňa sežde edip, Onuň yradasyny berjaý etse, Hudaý ony diňleýär.


sebäbi Hudaý ýüz görýän däldir.


Bütinleý ýüz görmezden, her kime eden işine görä höküm çykarýan Hudaýy Ata diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki wagtlaýyn döwrüňizi Hudaýdan gorkup geçiriň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan