Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Malaky 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Kör maly gurbanlyk etmek dürsmüdir? Agsak ýa-da kesel maly gurbanlyk etmek erbetlik dälmi? Şeýle maly öz häkimiňe bir eltip gör! Ol senden razy bolarmyka, haýyşyňy ýerine ýetirermikä? Muny Hökmürowan Reb diýýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Көр малы гурбанлык этмек дүрсмүдир? Агсак я-да кесел малы гурбанлык этмек эрбетлик дәлми? Шейле малы өз хәкимиңе бир элтип гөр! Ол сенден разы болармыка, хайышыңы ерине етирермикә? Муны Хөкмүрован Реб диййәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Malaky 1:8
10 Iomraidhean Croise  

Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».


Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň; diliniň dilegini Sen ret etmediň.


Bu halk hakda Reb şeýle diýýär: «Olar, hakykatdan-da, aýlanyp gezmegi haladylar, aýaklaryna dynçlyk bermediler. Şonuň üçin Men-Reb olardan hoşal däldirin. Indi olaryň etmişlerini ýatlaryn, günäleri üçin jezalandyraryn».


Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.


Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.


Siz Meniň gurbanlyk sypamda haram gurbanlyklar hödürläp, Meniň adymy kemsitdiňiz. Siz ýene-de: „Biz nädip Seni haram etdik?“ diýip soraýarsyňyz. „Rebbiň saçagyny kemsitsek hem bolar“ diýip, Meni haram etdiňiz.


Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny agsak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan