Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Malaky 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Siz Meniň gurbanlyk sypamda haram gurbanlyklar hödürläp, Meniň adymy kemsitdiňiz. Siz ýene-de: „Biz nädip Seni haram etdik?“ diýip soraýarsyňyz. „Rebbiň saçagyny kemsitsek hem bolar“ diýip, Meni haram etdiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Сиз Мениң гурбанлык сыпамда харам гурбанлыклар хөдүрләп, Мениң адымы кемситдиңиз. Сиз ене-де: „Биз нәдип Сени харам этдик?“ дийип сораярсыңыз. „Реббиң сачагыны кемситсек хем болар“ дийип, Мени харам этдиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Malaky 1:7
14 Iomraidhean Croise  

Gurbanlyk sypasy agaçdan bolup, beýikligi üç tirsek, uzynlygy iki tirsekdi; burçlary, uzynlygy we diwarlary hem agaçdandy. Ol maňa: «Rebbiň huzuryndaky hantagta budur» diýdi.


Mukaddes öýüme diňe olar girerler, Maňa hyzmat etmek üçin hantagtama olar ýakynlaşarlar we öýüň goramak keşigini olar çekerler.


Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir.


Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.


Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin.


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Emma siz: „Rebbiň saçagy haramdyr, çöregidir ir-iýmişini kemsitsek hem bolar“ diýip, Meniň adyma ysnat getirýärsiňiz.


„Bu nähili irginlik!“ diýip, siz muny äsgermezlik etdiňiz, Hökmürowan Reb diýýär. Gurbanlyk hökmünde siz talanyp alnan, agsak ýa-da kesel mal hödürleýärsiňiz! Men ony kabul ederin öýdýäňizmi? Muny Reb aýdýandyr.


Kör maly gurbanlyk etmek dürsmüdir? Agsak ýa-da kesel maly gurbanlyk etmek erbetlik dälmi? Şeýle maly öz häkimiňe bir eltip gör! Ol senden razy bolarmyka, haýyşyňy ýerine ýetirermikä? Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.


Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny agsak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan