Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Malaky 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Edomlylar: «Biz weýran edildik, ýöne weýrançylygy dikelderis» diýerler. Ýöne Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olar gurarlar, emma Men ýykaryn. Ýurtlarynyň erbet ýurtdygyny, halkyna bolsa Rebbiň ömürlik gaharynyň gelendigini hemmeler bilerler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Эдомлылар: «Биз вейран эдилдик, йөне вейранчылыгы дикелдерис» диерлер. Йөне Хөкмүрован Реб шейле диййәр: «Олар гурарлар, эмма Мен йыкарын. Юртларының эрбет юртдыгыны, халкына болса Реббиң өмүрлик гахарының гелендигини хеммелер билерлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Malaky 1:4
37 Iomraidhean Croise  

Hudaýyň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez, Onuň gabanyny hiç kim boşadyp bilmez.


Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,


Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr, Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?


Rebden gorkýan, Onuň ýollaryndan ýöreýän nähili bagtly!


Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.


Rebden gorkuň, eý, Onuň mukaddesleri, Ondan gorkýanlaryň ýok mätäçligi.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.


Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler, bilelikde gündogaryň halkyny talarlar, Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar, ammonlar tabyn bolarlar olara.


Gije-gündiz sönmez ol, tüssesi baky tütär, nesilden-nesle çolarar ýatar, asyrlar boýy içinden hiç kim geçmez.


Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner.


Seniň geljegiň üçin umyt bardyr, çagalaň öz dogduk mekanyna dolanar. Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Rebbiň Edom hakdaky kararyny, Teýman ilatyna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.


Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?


Eý, Dedanyň ilaty, gaçyň, yzyňyza öwrüliň, bukularda gizleniň! Men Ysawy jezalandyran wagtymda, onuň başyndan betbagtlyk indererin.


Olar siziň hasylyňyzy we iýmitiňizi, ogul-gyzlaryňyzy ýuwudyp-ýalmarlar. Goýunlaryňyzdyr sygyrlaryňyzy, üzümleriňizdir injirleriňizi iýerler. Siziň bil baglaýan berk galalaryňyzy gylyç bilen weýran ederler.


Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?


Siz gylyçdan heläk bolarsyňyz, size Ysraýyl serhedinde höküm ederin, onsoň Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men elimi Edomyň garşysyna uzadyp, ondan ynsany-da, haýwany-da sogrup taşlaryn we ony harabaçylyga öwrerin. Olar Teýmandan Dedana çenli aralykda gylyçdan heläk bolarlar.


Men Edomdan halkym Ysraýylyň eli bilen öç alaryn. Olar Edomda Meniň gahar-gazabym boýunça hereket ederler, onsoň olar Meniň öjümiň nämedigini bilerler“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Seni ýalaňaç gaýa öwrerin, tor ýazylýan ýer bolarsyň. Indi sen hiç haçan täzeden bejerilmersiň, çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men-Reb aýtdym“ diýýär».


Galalaryňy weýran ederin, sen harabaçylyga öwrülersiň; onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň.


Seni ebedilik harabaçylyga öwrerin, galalaryň ilatsyz bolar. Onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň“».


Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar.


Men gyşky hem ýazky köşkleri ýumraryn, pil süňkünden haşamlanan jaýlary ýok ederin, beýik jaýlaryň soňuna çykaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz.


Ine, Reb şeýle buýurýar: «Uly jaýlar toza, kiçi jaýlar küle dönsün.


Kalne şäherine geçip görüň, ol ýerden beýik Hamada gidiň. Onsoň piliştlileriň Gat şäherine baryň, olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka? Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?


Abadýa gelen aýanlyk: Hökmürowan Reb Edom barada şeýle diýdi: «Milletlere wekiliň iberilendigine habar geldi. Rebden gelen wekiliň: „Turuň, Edoma garşy söweşe çykalyň!“ diýen habaryny eşitdik.


Doganyň Ýakubyň nesline zalymlyk edeniň üçin, bütin betnam bolarsyň we ebedi ýok edilersiň.


emma Ysawy ret etdim. Onuň daglaryny weýran etdim, mülküni çöl şagallaryna berdim».


Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen sürini toplamadyk ony dargadýandyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan