Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Malaky 1:3 - Mukaddes Kitap

3 emma Ysawy ret etdim. Onuň daglaryny weýran etdim, mülküni çöl şagallaryna berdim».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 эмма Ысавы рет этдим. Онуң дагларыны вейран этдим, мүлкүни чөл шагалларына бердим».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Malaky 1:3
26 Iomraidhean Croise  

Reb oňa şeýle jogap berdi: «Göwräňde iki millet bar, senden iki bäsdeş halk dörär. Biri beýlekisinden rüstem çykar, ulusy kiçisine gul bolar».


Gyzgyn gum howdana, teşne toprak suw bulaklaryna öwrüler; şagallaryň mesgen tutan meýdanyna gamyş, gargy gamyş biter.


Emma Ysawy çuw ýalaňaç edip, Men eşigini sypyraryn, onuň gizlin ýerini äşgär ederin, ol özüni gizläp bilmez. Onuň tohum-tiji, dogan-garyndaşlary, goňşulary heläk bolar, özi-de ýok bolar.


Munuň üçin Rebbiň Edom hakdaky kararyny, Teýman ilatyna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler.


Hasor şagallaryň sürenine we ebedi harabaçylyga öwrüler. Ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz».


Edom hakda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Teýman şäherinde indi paýhas ýokmy? Danalarda maslahat galmadymy? Olaryň akyldarlygy küteldimi?


Eý, Dedanyň ilaty, gaçyň, yzyňyza öwrüliň, bukularda gizleniň! Men Ysawy jezalandyran wagtymda, onuň başyndan betbagtlyk indererin.


Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Eý, Sion gyzy, günäňiň jezasy tamamlandy, Reb indi seni gaýdyp sürgün etmez, emma seniň etmişiňiň jezasyn berip, günäleriňi paş eder Ol, eý, Edom gyzy.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men elimi galdyryp ant içýärin, töweregiňizdäki ähli milletler-de beren gyjalatlary zerarly özleri ejir çekerler.


Men siziň tarapyňyzy tutýaryn we size tarap öwrülýärin; siz bejerilip ekilersiňiz.


Weýran bolar Müsür, döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem; boýadylar topraklaryny bigünä gana.


Doganyň Ýakubyň nesline zalymlyk edeniň üçin, bütin betnam bolarsyň we ebedi ýok edilersiň.


«Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan