Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Malaky 1:2 - Mukaddes Kitap

2 Reb: «Men sizi ozaldan söýýärin» diýýär. Emma siz: «Sen bizi nähili söýýärsiň?» diýip soraýarsyňyz. Reb şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi näme? Men Ýakuby saýladym,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Реб: «Мен сизи озалдан сөййәрин» диййәр. Эмма сиз: «Сен бизи нәхили сөййәрсиң?» дийип сораярсыңыз. Реб шейле диййәр: «Ысав Якубың доганы дәлми нәме? Мен Якубы сайладым,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Malaky 1:2
32 Iomraidhean Croise  

Reb oňa şeýle jogap berdi: «Göwräňde iki millet bar, senden iki bäsdeş halk dörär. Biri beýlekisinden rüstem çykar, ulusy kiçisine gul bolar».


Olaryň ilkinji doglanynyň ýüzi gyzyl we teni edil possun geýnen ýaly tüýlekdi. Oňa Ysaw diýip at goýdular.


Soňra onuň ökjesinden ýapyşyp, ekiz taýy dünýä indi. Şonuň üçinem onuň adyna Ýakup dakdylar. Çagalar doglanda, Yshak altmyş ýaşyndady.


Yshak tutuş göwresi bilen saňňyldap: «Onda seniň öň ýanyňdan maňa aw etinden nahar bişirip getiren kimdi? Men naharyň baryny iýip, oňa pata berdim-ä. Ol indi pataly bolar!» diýdi.


Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».


Onsoň Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ýoramdan: «Haýsy tarapdan hüjüm edeli?» diýip sorady. Ysraýyl patyşasy Ýoram: «Edom çölüniň ýoly bilen hüjüm ederis» diýip jogap berdi.


Nazarymda eziz, gadyrly bolup, seni söýýändigim üçin, seniň öweziňe adamlar, halklar bererin janyňyň deregine.


Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»


Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?


Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular.


Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi: «Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm, şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.


Reb şeýle diýýär: «Men edomlylary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki doganlaryny gylyçly kowalap, rehim-şepagat etmediler, çäksiz gaharyny dökdüler, gazap atyna baky atlandylar.


Siz sözleriňiz bilen Rebbi irizdiňiz. «Ony nädip irizdik?» diýip soraýarsyňyz. «Ýamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede?» diýip irizdiňiz.


Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady.


Meniň buýrugym şudur: Men sizi nähili söýen bolsam, siz hem biri-biriňizi şonuň ýaly söýüň.


Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady.


Emma Hudaýyňyz Reb Bilgamy diňlemekden ýüz öwrüpdi. Ol sizi söýensoň, şol näleti alkyşa öwrüpdi.


Ýa Reb, Sen dogrudan-da halkyňy söýýärsiň! Ähli perişdeler goluň astynda. Olar aýagyňa ýykylyp, Senden görkezme alýarlar.


Ol ata-babalaryňyzy söýýändigi sebäpli, olaryň özlerinden soňky nesillerini saýlady. Ol sizi hut Özüniň beýik güýji bilen Müsürden alyp çykdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan