Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 9:5 - Mukaddes Kitap

5 Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykyp gaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyň tozuny kakyň» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Эгер адамлар сизи кабул этмеселер, оларың шәхеринден чыкып гайданыңызда, олара гаршы шаятлык хөкмүнде аягыңызың тозуны какың» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 9:5
13 Iomraidhean Croise  

Men donumyň syýyny silkip: «Eger-de kim şu beren sözünden dänse, Hudaý ony edil don syýynyň silkilip boşadylyşy ýaly öýünden, işinden mahrum etsin. Olar ähli zadyndan jyda düşsün» diýdim. Bütin jemagat hem muny makullap: «Omyn!» diýşip, Rebbe alkyş aýtdylar. Halk beren wadasyny ýerine ýetirdi.


Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna elterler, siz bolsa olaryň we keseki milletleriň öňünde şaýatlyk edersiňiz.


Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi.


«Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim Meni kabul etse, Meni däl-de, Meni Ibereni kabul edýändir» diýdi.


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy.


Haýsy öýe girseňiz, tä ol şäherden çykyp gaýdýançaňyz, şol öýde boluň.


Onsoň olara: «Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir. Araňyzda kim hemmeden pes bolsa, iň beýik şoldur» diýdi.


Bu iki resul bolsa olara garşylyk hökmünde, aýaklarynyň tozuny kakyp, Ikoniýa şäherine gitdiler.


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan