Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 8:8 - Mukaddes Kitap

8 Birnäçesi-de gowy topraga düşýär. Olar gögerip çykyp, her biri ýüz esse hasyl berýär». Bulary gürrüň berenden soň, Isa: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýip gygyrdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Бирнәчеси-де говы топрага дүшйәр. Олар гөгерип чыкып, хер бири йүз эссе хасыл берйәр». Булары гүррүң беренден соң, Иса: «Эшитмәге гулагы бар адам эшитсин!» дийип гыгырды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 8:8
25 Iomraidhean Croise  

Yshak ol ýurtda ekin ekip, şol ýylda hem ýüz esse artyk bugdaý hasylyny aldy, çünki Reb ony ýalkapdy.


Diňleýän gulagy, görýän gözi – ikisinem Reb ýaradandyr.


Danalyk çagyrmaýarmy eýsem? Belent jar çekýän düşünje dälmidir?


Eşidiň, gulak goýuň, tekepbirlik etmäň, çünki Reb gepleýär.


Reb Özüniň gullary bolan pygamberleri gaýta-gaýta size ýollady, emma siz diňlemediňiz, gulak asmadyňyz.


Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!


Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär. Beýle adamlaryň käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri otuz esse hasyl berýär».


Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony kabul edýärler we käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär».


Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýdi.


Birnäçesi-de gowy ýere düşýär. Olar ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär».


Ol ne topraga, ne-de döküne ýarar, ony zir-zibile zyňarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»


Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekde saklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.


Birnäçesi tikenekligiň arasyna düşýär. Tohum bilen gögeren tikenler olary basýar.


Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


Gulagy bar adam eşitsin!


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan