Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 8:41 - Mukaddes Kitap

41 Şol wagt sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykyldy we Ondan öýüne barmagyny haýyş etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

41 Шол вагт синагога ёлбашчыларындан Яйрус атлы бир адам гелип, Исаның аягына йыкылды ве Ондан өйүне бармагыны хайыш этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 8:41
15 Iomraidhean Croise  

Emma Isanyň hassa aýala Sabat güni şypa berenine gahary gelen sinagoga baştutany halka ýüzlenip: «Işlemek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, başga günlerde geliň» diýdi.


Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.


Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.


Munuň sebäbi onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere gidip barýarka, mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.


Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden gelen bir adam Ýaýrusa: «Gyzyň öldi. Mugallymy artykmaç biynjalyk etme» diýdi.


Marta Isa: «Eý, Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi.


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Onsoň olar sinagoganyň baştutany Sostenisi kazyýetiň öňünde tutup ýençdiler. Emma Galiýo bularyň hiç birine üns hem bermedi.


Sinagoga baştutany Krispus tutuş öý-içersi bilen bile Rebbe iman etdi. Pawlusy diňlän ençeme korintoslylar hem iman edip, Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.


Lida şäheri Ýafo şäherine golaýdy. Şägirtler Petrusyň Lidadadygyny eşidip, onuň ýanyna iki adamy ýolladylar we: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel» diýip haýyş etdiler.


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan