Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 8:2 - Mukaddes Kitap

2-3 Şeýle hem, erbet ruhlardan we kesellerden halas bolan birnäçe aýallar, içinden ýedi arwah-jyn çykan magdalaly Merýem hem-de Hirodyň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýowanna, Suzanna, başga-da birtopar aýallar Isanyň ýanyndady. Bu aýallar öz emläkleri bilen olara kömek edýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2-3 Шейле хем, эрбет рухлардан ве кеселлерден халас болан бирнәче аяллар, ичинден еди арвах-җын чыкан магдалалы Меръем хем-де Хиродың өйүни доландырян Хузаның аялы Ёванна, Сузанна, башга-да биртопар аяллар Исаның янындады. Бу аяллар өз эмләклери билен олара көмек эдйәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 8:2
11 Iomraidhean Croise  

Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar.


Isa hepdäniň birinji güni ir bilen direldi. Ol ilki bilen magdalaly Merýeme göründi. Isa onuň içinden ýedi arwah-jyny kowup çykarypdy.


Uly bir mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi, olaryň arasynda Onuň üçin zaryn-zaryn aglaýan aýallar hem bardy.


Isany tanaýan adamlaryň bary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallar uzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler.


Isa bilen Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp gitdiler-de, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler.


Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun» diýip jogap berdi, sebäbi oňa san-sajaksyz arwah-jyn giripdi.


Isanyň haçynyň ýanynda Onuň ejesi, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem dagy durdy.


Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan