Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 8:10 - Mukaddes Kitap

10 Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emma başgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, olara tymsallar arkaly aýdylýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Ол шейле дийди: «Худайың Шалыгының сырларына дүшүнме укыбы сизе берилди, эмма башгалар середип гөрмесинлер, эшидип дүшүнмесинлер дийип, олара тымсаллар аркалы айдыляр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 8:10
24 Iomraidhean Croise  

Muňa görä Men ýene bu halkyň arasynda gudratlar, gudrat üstüne gudrat görkezerin. Danalary danalykdan mahrum bolar, akyllylary akyldan aýrylar».


Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy.


Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmeýärsiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamaýarsyňyz“ diý.


Eý, gözli bolup görmeýän, gulakly bolup eşitmeýän nadan hem düşünjesiz halk, indi muňa gulak as:


«Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr.


Isa olara şeýle düşündirdi: «Hudaýyň Şalygynyň syry size berildi. Daşardakylara bolsa hemme zat tymsallar arkaly aýdylýar.


Şeýdip „olar seredip dursalar-da, hiç aňlamaýarlar, eşidip dursalar-da, hiç düşünmeýärler; ýogsam Maňa tarap öwrülip bagyşlanardylar“».


«Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.


Bularyň baryny ýeke-täk bir Mukaddes Ruh edýändir. Ol her kese Öz isleýşine görä berýändir.


Emma şu güne çenli Reb size düşünmegiňiz üçin akyl, görmegiňiz üçin göz, eşitmegiňiz üçin gulak bermedi.


Men olaryň kalbynyň ruhlanyp, söýgüde birleşmeklerini dileýärin. Şeýdip, olar doly ynama hem baý düşünjä eýe bolup, Ata Hudaýyň syryny, ýagny Mesihi tanasynlar.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan