Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 7:44 - Mukaddes Kitap

44 Onsoň Isa aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi: «Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen bolsa aýaklarymy ýuwmaga suw-da bermediň, emma bu aýal aýaklarymy gözýaşy bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

44 Онсоң Иса аяла тарап өврүлип, Симуна шейле дийди: «Бу аялы гөрйәңми? Мен сениң өйүңе гелдим, сен болса аякларымы ювмага сув-да бермедиң, эмма бу аял аякларымы гөзяшы билен ювуп, сачы билен сүпүрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 7:44
11 Iomraidhean Croise  

Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň.


Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler.


Hyzmatkär olary Ýusubyň öýüne salyp, olara aýaklaryny ýuwar ýaly suw getirdi we olaryň eşeklerine iým berişdirdi.


Soňra ol Uryýa: «Öýüňe bar-da, dynjyňy al» diýdi. Uryýa patyşanyň köşgünden çykanda, onuň yzyndan patyşanyň sowgadyny hem äkitdiler.


Aýal Isanyň öňünde dyzyna çöküp aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýaklaryny ýuwmaga başlady. Soňra aýaklaryny saçy bilen süpürip öpdi we hoşboý ysly ýag çaldy.


Simun: «Meniň pikirimçe, bergisi köp geçilen adam» diýip jogap berdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi.


Onsoň bir legene suw guýdy-da, şägirtleriniň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen süpürmäge durdy.


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi?


Goja olary öz öýüne alyp bardy, eşeklerine iým berdi, olar aýaklaryny ýuwdular, iýip-içdiler.


Ol ýerinden turdy-da, dyza çöküp tagzym etdi we şeýle diýdi: «Keniziňiz jenabymyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyn».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan