Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 7:2 - Mukaddes Kitap

2 Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Бу ерде бир йүзбашының эзизләп хорматлаян хызматкәри кеселләп, өлүм яссыгында ятырды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 7:2
24 Iomraidhean Croise  

Ol: «Jenabym Ybraýymyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun, çünki Ol Öz sadyk söýgüsini meniň jenabymdan gaýgyrmady. Ol meni jenabymyň garyndaşynyň öýüne göni alyp geldi» diýdi.


Rebekanyň enekesi Debora aradan çykdy we ol Beýteliň golaýyndaky dub agajynyň düýbünde jaýlandy. Şeýdip, bu agaç Alon-bakut diýlip atlandyryldy.


Men ýalan sözläp, hilegärlige ýüz uran bolsam,


Kim guluny ýaşlykdan läliksireden bolsa, soňunda ony mirasdary etmeli bolar.


Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.


Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi.


Isa Özüni diňleýän halka bu sözleriň ählisini aýdyp bolandan soň, Kapernaum şäherine gitdi.


Ýüzbaşy Isa hakynda eşidende, öz hyzmatkärine şypa bermegini sorap, Onuň ýanyna birnäçe ýahudy ýaşulularyny iberdi.


Munuň sebäbi onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere gidip barýarka, mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.


Kaýsariýada Korneliý atly bir adam bardy. Ol «Italiýa» atly rim goşun bölüminiň ýüzbaşysydy.


Özi bilen gepleşen perişde gidenden soň, Korneliý hyzmatkärlerinden ikisini we hemişe ýanynda bolýan bir takwa esgeri çagyrdy.


Ýüzbaşy muny eşidip, müňbaşynyň ýanyna baryp: «Näme etjek bolýaň? Bu adam Rim raýaty ahyry» diýip habar berdi.


Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, oňa bir zat barada habar bermekçi» diýdi.


Bizi deňiz arkaly Italiýa ibermegi karar etdiler. Şonda Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Imperiýa goşunyndaky Ýuliý diýen ýüzbaşa tabşyrdylar.


Ertesi gün Sidon şäherine gelip ýetdik. Ýuliý Pawlus bilen mylakatly boldy, şonuň üçin oňa dostlarynyň ýanyna barmaga we gerekli zatlaryny almaga rugsat berdi.


Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary bu niýetlerinden dändirdi. Olara ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar we ýüzüp çyksynlar,


Eý, gullar, ähli zatda ýerdäki hojaýynyňyza boýun egiň. Muny ynsanlara gowy görünmek üçin, göze ýakymly işler bilen däl-de, Rebden gorkmak bilen çyn ýürekden ýerine ýetiriň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan