Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 7:16 - Mukaddes Kitap

16 Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Хеммелери горкы басды. Олар: «Арамызда бейик бир пыгамбер пейда болды!», «Худай Өз халкына назар салды» дийип, Худайы шөхратландырдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 7:16
31 Iomraidhean Croise  

Ol bizi aman galdyrdy, aýagymyzy büdremekden saklady.


Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.


Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.


Halk lallaryň gepleýändigini, maýyplaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ylgaýandygyny görüp haýran galdy. Olar Ysraýyl Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Mähelle hem olara: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.


Aýallar gorky hem şatlyk bilen howlugyşyp, mazardan uzaklaşdylar. Olar ylgaşyp, Isanyň şägirtlerine habar bermäge gitdiler.


Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Goňşularyň hemmesini gorky gaplady. Ýahudyýa daglygynyň ähli ýerinde bu bolan wakalaryň barysy hakda gürrüň edildi.


«Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun! Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.


Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».


Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolandygy üçin, Hudaýy şöhratlandyrdylar, öwgüler aýdyp, yzlaryna dolandylar.


Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. Ol Hudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçli pygamberdi.


Ähli adamlar haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olary gorky gaplap aldy, olar: «Bu gün şeýle bir geň zatlar gördük» diýişdiler.


Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.


Şonda merhum turup, geplemäge başlady. Isa ony ejesine gaýtaryp berdi.


Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.


Onsoň ähli gerasalylar we şol sebitiň ilaty Isadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olary uly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzyna gaýtdy.


Olar: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birileri bolsa gadymy pygamberlerden biri direlipdir diýýär» diýip jogap berdiler.


Olar ondan: «Onda sen kim? Belki, Ylýassyň?» diýip soradylar. Ýahýa: «Ýok» diýip jogap berdi. Olar ýene-de: «Onda şol garaşylýan pygambermiň?» diýip soradylar. Ol: «Ýok, ol däl» diýip jogap berdi.


Aýal: «Eý, Aga, görýän welin, Sen pygamber öýdýän.


Isanyň bu gudratly alamatyny gören adamlar: «Hakykatdan-da, dünýä gelmeli pygamber Şudur» diýdiler.


Olar ýene-de körden: «Gözüňi açan şol Adam barada näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ol hem: «Ol bir pygamber» diýdi.


Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy.


Ine, ysraýyl halkyna: „Hudaý siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar“ diýip aýdan hem şu Musadyr.


Olar Hudaýyň meni özgerdenini görüp, Ony şöhratlandyrdylar.


Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan