Efraýym Meniň eziz oglum dälmidir? Ol Meniň hoşal bolan balam dälmidir? Onuň adyny agzan çagymda, ony söýgi bilen ýatlaýaryn Men. Şonuň üçin ýüregim ony küýseýär, oňa, elbetde, rehim ederin. Muny Reb aýdýandyr.
Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi.
Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?
Ol şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Bu ýerden goparyl-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar.
Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi.
Olar ondan: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň?» diýip soradylar. Merýem olara: «Agamy mazardan çykaryp alyp gidipdirler. Ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi.
Isa oňa: «Eý, zenan, näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merýem Oňa bagbandyr öýdüp: «Eý, aga, Ony mazardan sen äkiden bolsaň, nirede goýanyňy maňa aýt, men Ony alyp gideýin» diýdi.
Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.