Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 7:12 - Mukaddes Kitap

12 Isa şäher derwezesine golaýlan wagty bir dul aýalyň ýalňyz ogluny jaýlamaga alyp barýan ekenler. Şäherden gelen uly mähelle hem bu aýalyň ýanyndady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Иса шәхер дервезесине голайлан вагты бир дул аялың ялңыз оглуны җайламага алып барян экенлер. Шәхерден гелен улы мәхелле хем бу аялың янындады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 7:12
20 Iomraidhean Croise  

Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.


Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.


Indi tutuş tire gyrnagyňyza garşy çykyp: „Doganyny öldüreni biziň elimize ber, onuň özüni-de öldürip, ondan doganynyň ganyny aljak. Şeýdip, biz mirasdary-da öldürjek“ diýýärler. Şeýdip, olar ojagymyň galanja oduny-da söndürip, ýer ýüzünde adamymdan nam-nyşan galdyrmajak bolýarlar».


Ol aýal, Ylýasa şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Rebden ant içýärin, mende çörek ýok. Mende diňe haltaň düýbündäki bir goşawuç un bilen golçada biraz ýag bar. Ine, men häzir öýe gidip, şol barja un bilen özüm hem oglum üçin külçe bişirmek üçin çöpleme çöpläp ýörün. Biz ony iýeris, onsoň öleris».


Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi.


Ylýas çagany ýokarky otagdan getirip, ejesine berdi. Ylýas oglanyň ejesine: «Seret, seniň ogluň direldi» diýdi.


«Tur, Sidonyň Sarepat galasyna bar-da, şol ýerde mesgen tut, çünki ol ýerde Men bir dul hatyna seni iýmitlendirmegi tabşyrandyryn».


Elýaşa aýala ýüzlenip: «Ýene bir ýyldan, edil şu wagt gujagyňda ogluň bolar» diýdi. Aýal: «Ýok, jenabym, eý, Hudaýyň adamy, gyrnagyňy aldama» diýdi.


Hyzmatkär ony göterip, ejesiniň ýanyna getirdi. Çaga günortana çenli ejesiniň dyzynda oturyp, onsoň öldi.


Ölümiň bäri ýanyndakylaryň alkyşyny alardym, dul hatynlaryň kalbyna nagmalar bererdim.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Mundan biraz soňra Isa Naýin diýen şähere gitdi. Şägirtleri bilen uly mähelle hem Onuň yzyna düşüp gitdi.


Reb Isa bu aýaly görüp, oňa ýüregi awady. Ol aýala: «Aglama!» diýdi.


Munuň sebäbi onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere gidip barýarka, mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.


Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Emma Isa: «Aglamaň, ol ölenok, uklap ýatyr» diýdi.


Marta bilen Merýeme göwünlik bermäge köp ýahudylar Lazaryň patasyna gelipdiler.


Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar.


Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy.


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan