Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 6:8 - Mukaddes Kitap

8 Isa olaryň pikirlerini bilip, eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. Ol hem ýerinden turup, ortada durdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Иса оларың пикирлерини билип, эли шел ачан адама: «Ериңден тур-да, орта чык!» дийди. Ол хем еринден туруп, ортада дурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 6:8
19 Iomraidhean Croise  

Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Seniň kalby synaýandygyňy we kalby päkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaýym! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin.


«Men bilýän, Seniň eliňden hemme zat gelýär, göwnüňe gelen zady amala aşyrýaň.


Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä, adalar onuň kanunyna garaşarlar.


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz?


Isa eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi.


Isa ony görende, ýanyna çagyryp: «Naçar! Sen çekýän ejirleriňden halas bolduň» diýdi.


Emma Isa olaryň näme pikir edýändiklerini bilip, olara: «Näme üçin hyýalyňyzda beýle pikirler edýärsiňiz?


Onsoň Isa olardan: «Size bir sowalym bar: „Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da heläk etmek?“» diýip sorady.


Ynsan babatda Oňa hiç kimiň şaýatlygy gerek däldi, sebäbi Ol ynsanyň näme niýetiniň bardygyny bilýärdi.


Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.


Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez.


Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.


Bu zatlardan patyşamyň habarlydygy üçin, men oňa arkaýyn gepleýärin. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine men ynanýaryn, sebäbi bular gizlin edilen däldir.


Şeýle-de, özüňize garşy çykýanlardan asla gorkmaýandygyňyzy bilerin. Siziň imanda şeýle berk durmagyňyz olaryň heläk boljakdygyndan, siziň bolsa halas ediljekdigiňizden nyşandyr. Bular Hudaý tarapyndyr.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz.


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan