Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 6:21 - Mukaddes Kitap

21 Eý, şu wagt açlyk çekýänler, siz bagtlysyňyz, çünki doýarsyňyz. Şindi aglaýanlar, siz bagtlysyňyz, çünki şatlykdan gülersiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Эй, шу вагт ачлык чекйәнлер, сиз багтлысыңыз, чүнки доярсыңыз. Шинди аглаянлар, сиз багтлысыңыз, чүнки шатлыкдан гүлерсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 6:21
56 Iomraidhean Croise  

Ybraýym Onuň öňünde ýüzin düşdi; soňra ol gülüp, içinden: «Ýüz ýaşyndaky adamdanam, heý, çaga doglarmy?! Togsan ýaşyndaky Sara-da bir çaga dogrup bilermi?!» diýdi.


Sara: «Hudaý maňa begenç hem gülki getirdi. Oglumyň bolandygyny eşiden her kişi meniň bilen bile gülşer.


Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki, Efraýym – tuwulgam, Ýahuda – patyşalyk hasam.


Ýyldyrymlar çakdyr, pytrat olary, peýkamlaryňy ýagdyr, dargat olary!


Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.


Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.


Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi; olar Saňa nagma aýdýarlar, Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela


Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.


Eý, Sionyň–Iýerusalimiň halky, aglamarsyňyz indi siz! Perýat edeniňizde, size merhemet eder Ol, ony eşideninde, size jogap berer.


Iýerusalim bilen bile şatlanyň, onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler, eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar, onuň bilen bile şatlanyň.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Argyn jana dynçlyk bererin, ähli mejalsyzlary doýraryn».


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.


oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna tagma bas» diýdi.


Gussa çekýänler bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.


Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.


Açlary näz-nygmatdan doýrup, baýlary bolsa boş gaýtardy.


Onsoň Isa şägirtlerine nazaryny dikip, şeýle diýdi: «Eý, garyplar, siz bagtlysyňyz, çünki Hudaýyň Şalygy siziňkidir!


Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagty, size sögüp, adyňyzy garalan wagty bagtlysyňyz!


Waý halyňyza, eý, şu wagt doklar! Çünki siz açlyk çekersiňiz. Waý halyňyza, eý, şu wagt gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.


Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy.


Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.


Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla ajykmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz.


Biz heniz hem aç-suwsuz, eşiklerimiz sal-saldyr. Biz ýenjilýäris, öýsüz-öwzarsyz sergezdandyrys.


Men agyr zähmet çekdim, gara işde işledim, ençeme gijäni ukusyz geçirdim; aç-suwsuzlygyň nämedigini bilýärin; açlykda gezdim, sowukda ýarym-ýalaňaç galdym.


Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!


ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.


Olar indi asla ajykmazlar, asla suwsamazlar, olary gün urmaz, jöwza-da ýakmaz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan