Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 5:8 - Mukaddes Kitap

8 Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Симун Петрус муны гөренде, Исаның аягына йыкылып: «Эй, Агам! Мениң янымдан айрыл, мен бир гүнәли адам!» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 5:8
19 Iomraidhean Croise  

Dawut şol gün Rebden gorkup: «Rebbiň sandygyny nädip meniň ýanyma getirip bolarka?» diýdi.


Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi.


Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?


Olar Musa: «Bize sen geple, biz eşideris, ýöne, goý, Hudaý bize geplemesin, ýogsam, biz öleris» diýdiler.


Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».


Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar.


Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür sowgat berdiler.


Ýüzbaşy Isa şeýle jogap berdi: «Agam, Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar.


Şoňa görä olar beýleki gaýykdaky ýoldaşlarynyň gelip kömekleşmekleri üçin, ellerini bulap yşarat etdiler. Olar gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy.


Tutan balyklarynyň köpdügine onuň özi we ýanyndakylaryň hemmesi haýran galdy.


Merýem Isanyň duran ýerine geldi. Ony görüp, aýaklaryna ýykyldy-da: «Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi» diýdi.


Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin.


Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.


Manowa öz aýalyna: «Dogrudan hem, biz hökman öleris, çünki biz Hudaýy gördük» diýdi.


Beýtşemeşliler: «Rebbiň, ýagny bu mukaddes Hudaýyň öňünde durup biljek barmy näme?! Ol bizden el çeker ýaly, biz sandygy kime ýollasakkak?» diýişdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan