Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 5:2 - Mukaddes Kitap

2 Şonda Isa kölüň ýakasynda duran iki gaýygy gördi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Шонда Иса көлүң якасында дуран ики гайыгы гөрди. Балыкчылар гайыклардан дүшүп, торларыны ювуп дурдулар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 5:2
7 Iomraidhean Croise  

Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran iki dogany gördi. Olaryň biri Petrus lakamly Simun, beýlekisi hem Andrysdy. Olar balykçydylar.


Biraz ýöränlerinden soň, Isa başga iki dogany, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde kakalary Zebedeý bilen torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary çagyrdy.


Isa Jelile kölüniň kenaryndan geçip barýarka, köle tor taşlap duran Simun bilen onuň dogany Andrysy gördi. Olar balykçydylar.


Biraz ýöränlerinden soň, Isa Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde torlaryny bejerip otyrdylar.


Bir gün Isa Ginnesaret kölüniň kenarynda wagyz edýärkä, halk Hudaýyň sözüni diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşdi.


Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň Ol gaýykda oturan ýerinden halka öwretmäge durdy.


Ýahýadan Isa hakda eşidip, Onuň yzyna düşüp gidenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andrysdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan