Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 5:12 - Mukaddes Kitap

12 Isa şäherleriň birindekä, elhenç deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna geldi. Ol Isany görende, dyzyna çöküp, Oňa: «Eý, Agam! Eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýip ýalbardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Иса шәхерлериң бириндекә, элхенч дери кеселине ёлуган бир адам Онуң янына гелди. Ол Исаны гөренде, дызына чөкүп, Оңа: «Эй, Агам! Эгер ислесең, мени бу кеселден тәмизләп билерсиң» дийип ялбарды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 5:12
27 Iomraidhean Croise  

«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.


Bütin halk muny görüp, ýüzin ýykylyp: «Reb Hudaýdyr! Reb Hudaýdyr!» diýdi.


Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi.


Şonuň üçin hem Nagamanyň deri keseli senden we seniň nesliňden hiç haçan aýrylmasyn» diýdi. Şeýdip, Geýhazy gar ýaly duw-ak deri keseli bilen Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Samariýa galasynyň derwezesiniň daşynda dört sany ýokanç deri keselli adam bardy. Olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Näme üçin biz ölýänçäk, şu ýerde oturmaly?


Rebbiň perişdesiniň öz elindäki ýalaňaç gylyjyny Iýerusalime tarap uzadyp, ýer bilen gögüň arasynda durandygyny Dawut gördi. Jul geýnen Dawut hem-de ýaşulular ýere ýüzin ýykyldylar.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Reb Musa ýene-de: «Eliňi donuňyň içine sok» diýdi. Ol hem elini donunyň içine sokdy. Ol elini daşyna çykaranda, onuň eli ak gar ýaly pis açdy.


Emma ýaranyň içinde gögeren gyp-gyzyl et agarsa, ol deri keselli adam ruhanynyň ýanyna gelsin.


Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy.


Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka,


Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olardan: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýip sorady. Olar hem Oňa: «Hawa, Agam» diýip jogap berdiler.


Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.


Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.


Isa hem elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Deri keseli ol adamdan şobada aýryldy.


Deri keselinden gaty ägä boluň. Meniň lewi ruhanylaryna buýruşym ýaly, olaryň size öwredýän her bir zadyny üns bilen ýerine ýetiriň.


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňa näme hyzmat?» diýip sorady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan