Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 4:8 - Mukaddes Kitap

8 Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip hem ýazylgydyr» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Иса оңа: «„Худайыңыз Реббе сежде эдиң, диңе Оңа гуллук эдиң“ дийип хем язылгыдыр» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 4:8
14 Iomraidhean Croise  

Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň üstünde tagt guran Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.


Halkyň gedem bakyşlary peseldiler, ynsan tekepbirligi egler, şol gün diňe Reb beýgeldiler.


Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi.


Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.


Isa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşamaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.


Şonuň üçin Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar» diýdi.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň.


Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar.


Dünýäniň ähli ýerinde doganlaryňyzyň hem hut şunuň ýaly ejirlere duçar bolýandyklaryny bilýändigiňiz üçin, berk iman bilen iblise garşy duruň.


Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».


Emma perişde maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen ýaly, pygamber doganlaryň we bu kitabyň pygamberlik sözlerini ýüreginde saklaýanlar ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et!»


Ahyry bir gün Şamuwel tutuş Ysraýyl nesline ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan