Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 4:41 - Mukaddes Kitap

41 Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

41 Көпүсинден арвах-җынлар: «Сен Худайың Оглусың!» дийип гыгырышып чыкярды. Эмма Иса олара кәйәп, геплемеклерине ёл бермейәрди, себәби олар Онуң Месихдигини билйәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 4:41
14 Iomraidhean Croise  

Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi.


Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.


Şol gün agşam Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän adamlary getirdiler. Ol hem bir söz bilen olardaky erbet ruhlary çykardy, şeýle-de hassalaryň hemmesini sagaltdy.


Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar.


Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.


Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi.


Gün batyp, agşam düşende, ähli hassalary, arwah-jyn eýelän adamlary Onuň ýanyna getirdiler.


Isa dürli kesele uçran ençeme hassany sagaltdy, ençeme arwah-jyny kowup çykardy. Ol arwah-jynlara geplemäge ygtyýar bermedi, sebäbi olar Onuň kimdigini bilýärdiler.


Arwah-jyn eýelänler Isany görenlerinde, Onuň aýagyna ýykylyp: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyrýardylar.


Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi welin, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Ol aýal dessine ýerinden turdy-da, olara hyzmat etmäge başlady.


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň. Gowy edýärsiň! Muňa hatda arwah-jynlar hem ynanýarlar we galpyldaýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan