Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Isa ol ýerde kyrk günläp iblis tarapyndan synaga salyndy. Şol günleriň dowamynda Ol hiç zat iýmedi, kyrk günden soň bolsa ajykdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Иса ол ерде кырк гүнләп иблис тарапындан сынага салынды. Шол гүнлериң довамында Ол хич зат иймеди, кырк гүнден соң болса аҗыкды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 4:2
16 Iomraidhean Croise  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horebe geldi.


«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin».


Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy.


Musa ol ýerde Reb bilen kyrk gije-gündizläp boldy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi. Ol Äht sözleri bolan bu on tabşyrygy ýasy daşlaryň ýüzüne ýazdy.


Soňra ol özüniň hem-de töreleriniň adyndan Ninewäniň halkyna şeýle buýruk berdi: «Ähli adamlar-da, haýwanlardyr mal-garalar-da hiç zat iýmesinler, suw-da içmesinler.


Isa ir säher bilen şähere dolanyp gelýärkä ajykdy.


Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy.


Iblis Oňa: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, bu daşyň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.


Ýakubyň guýusy-da şol ýerdedi. Ýol ýöräp ýadan Isa guýynyň başynda oturdy. Wagt günortan bolup barýardy.


Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim.


Reb sizi ýok etmegi ýüregine düwende, men kyrk gije-gündizläp Onuň öňünde ýüzin düşüp ýatdym.


Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim.


Isanyň Özi synaga salnyp, görgi baryny görendigi üçin, synaga düşenlere kömek etmegi başarýandyr.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Ol piliştli kyrk günläp irden hem agşam orta çykyp, özüni görkezdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan