Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 4:18 - Mukaddes Kitap

18-19 «Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18-19 «Реббиң рухы үстүмдедир. Гарыплара Хош Хабары билдирмегим үчин, Ол Мени сечип-сайлады; туссаглара азатлыгы, көрлере гөзүниң ачылҗакдыгыны ыглан этмәге Ол Мени иберди. Зулум астындакылары азатлыга чыкармага, Реббиң мерхемет йылыны җар этмәге Мени иберди».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 4:18
56 Iomraidhean Croise  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


„Meniň bu ýere we onuň ilatyna garşy aýdan sözlerimi eşideniňden soň, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Hudaýyň öňünde kiçeltdiň, ýakaňy ýyrtyp, huzurymda dady-perýat etdiň. Şonuň üçin hem Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men – Reb aýdýandyryn.


Eý, Rebbiň edermen perişdeleri – Onuň buýruklaryny berjaý edýänler, Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar, Rebbi alkyşlaň!


Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.


Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.


«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan».


Men uly ýygnakda Saňa şükür ederin, köp sanly halkyň arasynda Seni şöhratlandyraryn.


Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.


Görýänleriň gözleri ýumulmaz, eşidýänler-de gulak goýarlar.


Şonda körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar;


Kör gözleri açmak, tussaglary tussaglykdan, zulmatda oturanlary zyndandan azat etmek üçin seni halka äht, milletlere nur ederin.


Kureşi dogrulyk bilen oýardym, bütin ýollaryny dogrularyn; Meniň şäherimi ol diker, ýesirlerimi tölegsiz, peşgeşsiz azat eder ol». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ýesirlere: „Çykyň“, garaňkydakylara: „Görnüň“ diýersiň. Olar ýol boýlarynda otlarlar, takyr depelerde öri taparlar.


Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


oňa: «Iýerusalim şäheriniň içinden geç-de, onda edilýän nejis işlerden ýaňa ah çekip, aglaýanlaryň maňlaýyna tagma bas» diýdi.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Iýerusalimde pespäl, pukara adamlary aman galdyraryn, olar Maňa bil baglarlar.


Hut şol günüň özünde äht bozuldy. Jebir çeken goýunlar – olar maňa seredip durdular – munuň Rebbiň sözüdigine göz ýetirdiler.


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


«Ine, Meniň saýlan Bendäm, göwnühoş bolup, Ony söýenim; Ruhumy Onuň üstüne goýaryn, Ol milletlere adalaty yglan eder.


Adalaty ýeňşe ýetirýänçä, ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni söndürmez.


Tümlükde mesgen tutan halk beýik nur gördi, tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy».


«Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.


Oňa Işaýa pygamberiň kitabyny berdiler. Ol hem kitaby açyp, şu sözleriň ýazylan ýerini tapdy:


Onsoň Isa şägirtlerine nazaryny dikip, şeýle diýdi: «Eý, garyplar, siz bagtlysyňyz, çünki Hudaýyň Şalygy siziňkidir!


Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.


Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir).


Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim.


Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Rebbe we Onuň Saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar, hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar“.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan