Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 4:16 - Mukaddes Kitap

16 Bir gün Isa Öz dogduk mekany bolan Nasyra gitdi. Ol Sabat güni adatdaky ýaly sinagoga baryp, Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin ýerinden turdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Бир гүн Иса Өз догдук меканы болан Насыра гитди. Ол Сабат гүни адатдакы ялы синагога барып, Мукаддес Язгылардан окамак үчин еринден турды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 4:16
14 Iomraidhean Croise  

Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.


Ýusup bilen Merýem Musanyň kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soňra, Jelilä, özleriniň Nasyra şäherine dolandylar.


Isa on iki ýaşyna ýetende, olar baýramçylyk adaty boýunça ýene Iýerusalime gitdiler.


Onsoň Isa ene-atasy bilen Nasyra gaýtdy, olaryň sözüne gulak asdy. Emma Onuň ejesi bu gürrüňleriň ählisini ýüreginde saklaýardy.


Ol ýahudylaryň sinagogalarynda halka öwretmäge başlady, hemmeler Oňa öwgi aýdýardylar.


Oňa Işaýa pygamberiň kitabyny berdiler. Ol hem kitaby açyp, şu sözleriň ýazylan ýerini tapdy:


Isa olara: «Siziň eşiden bu mukaddes ýazgyňyz şu gün berjaý boldy» diýip, gürrüňe başlady.


Isa olara: «Siziň Maňa: „Eý, lukman, ilki özüňe şypa ber!“ diýen nakyly aýtjakdygyňyzy bilip durun. Siz: „Kapernaumda eden işleriňi eşitdik. Olary şu ýerde, Öz ýurduňda-da berjaý et-dä“ diýersiňiz» diýdi.


Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym.


Pawlus adatdakysy ýaly sinagoga gitdi we üç Sabat güni olar bilen Mukaddes Ýazgylar boýunça gürrüň etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan