Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Isa Mukaddes Ruhdan dolup, Iordan derýasyndan yzyna dolandy. Mukaddes Ruh Ony çöle alyp gitdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Иса Мукаддес Рухдан долуп, Иордан дерясындан ызына доланды. Мукаддес Рух Оны чөле алып гитди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 4:1
19 Iomraidhean Croise  

Men seniň ýanyňdan giden badyma, Rebbiň Ruhy seni äkider, men-de seniň nirededigiňi bilmerin. Şeýdip, men baryp, Ahaba seniň bardygyňy aýtsam, ol-da seni tapmasa, meni öldürer. Guluň ýaşlygyndan bäri bütin kalby bilen Rebbe ybadat edip gelýär.


Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Isa suwa çümdürilip çykan badyna gökler açyldy. Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi görnüşde Öz üstüne inip gelýänini gördi.


Simun Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen ybadathananyň howlusyna geldi. Isanyň ene-atasy Töwratda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, Çagany içeri salanlarynda,


Ýahýa Iordan derýasynyň töweregindäki ähli ýerlere aýlanyp, adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi.


Keýnan Enoşyň, Enoş Şisiň, Şis Adamyň ogludy, Adam bolsa Hudaýyň ogludy.


Isa Mukaddes Ruhuň güýji bilen Jelilä dolanyp geldi. Ol hakdaky gürrüňler etrabyň çar tarapyna ýaýrady.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Ýahýa ýene şaýatlyk edip, şeýle diýdi: «Men Mukaddes Ruhuň gökden kepderi kimin inip, Onuň üstüne inenini gördüm.


Hudaýyň Ibereni Hudaýyň sözlerini sözleýändir, sebäbi Hudaý Oňa Mukaddes Ruhy ölçegsiz berýär.


Ol göge göterilmezden öň, Mukaddes Ruh arkaly Öz saýlan resullaryna buýruklar berdi.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Olar suwdan çykanlarynda, birdenkä Rebbiň Ruhy Filipi ol ýerden äkitdi. Agta ony gaýdyp görmedi. Ol şatlanyp, öz ýoluny dowam etdirdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan