Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Яхя олара: «Мен сизи сува чүмдүрйәрин, эмма менден хас гүйчли Бири гелер, мен хатда Онуң чарыгының багыны чөзмәге-де мынасып дәлдирин. Ол сизи Мукаддес Руха хем-де ода чүмдүрер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 3:16
24 Iomraidhean Croise  

Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.


Üstümize ýokardan Ruh dökülýänçä, çöl hasylly meýdana öwrülýänçä, mes toprakly ýer tokaýa dönýänçä şeýle bolar.


Taňry Sion gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer.


Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar».


Ýahýa olara: «Hawa, men adamlary suwa çümdürýärin, emma araňyzda Biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz.


Ol menden soňra geljekdir. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin» diýip jogap berdi.


Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi.


Kim Maňa iman etse, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, onuň içinden ýaşaýyş suwunyň bulaklary akar» diýip gygyrdy.


Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz».


Petrus bu sözleri heniz aýdyp durka, ony diňleýänleriň hemmesiniň üstüne Mukaddes Ruh indi.


Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.


Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan