Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?
Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär.
Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi.
Onsoň esgerler-de: «Biz näme etmeli?» diýip soradylar. Olara: «Hiç kimden zorluk bilen pul almaň, nähak ýere töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.
Bizi şeýle köp şaýatlaryň gurşaýandygy üçin, päsgelçilik döredýän her hili ýüki we boýnumyzdan ýapyşan günäleri taşlalyň-da, öňümizde duran ýaryşda sabyrlylyk bilen ylgalyň.