Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Iýmiti bolan hem şonuň ýaly etsin» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Ол: «Ики көйнекли бирини көйнексизе берсин. Иймити болан хем шонуң ялы этсин» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 3:11
22 Iomraidhean Croise  

Hiç kime zulum etmez, bergidaryň girewini yzyna gaýtarar, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer.


Patyşa: «Bu patyşa paýtagty bolsun diýip, şan-şöhratym üçin öz gudratly güýjüm bilen guran beýik Babylym dälmi?» diýdi.


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Mätäçlere ýürekden sadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.


Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi.


Pul torba Ýudasda bolansoň, käbirleri Isa oňa: «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa-da «Garyplara biraz pul paýla» diýýändir öýtdüler.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


„Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin.


Bu döwrüň baýlaryna tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ygtybarsyz, wagtlaýyn baýlyga däl-de, bagtyýar ýaşamagymyz üçin her zady bolelin ýetirýän Hudaýa bil baglasynlar.


Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Eý, doganlarym! Araňyzdan biri «imanym bar» diýibem, ony oňat işler bilen görkezmese, munuň näme peýdasy bar?! Beýle iman ony halas edip bilermi?!


Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregi awamaýan adamda, heý-de, Hudaýyň söýgüsi bolup bilermi?


Kim «Hudaýy söýýärin» diýip hem, öz doganyny ýigrenýän bolsa, ol ýalançydyr. Özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez ahyry.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan