Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Рим императоры Тиберейиң хөкүмдарлыгының он бәшинҗи йылында, Понтий Пилат Яхудыяның хәкими дөврүнде Хирод – Җелиләни, онуң доганы Филип – Итурея билен Трахонитис велаятыны, Лисанияс-да Абилини доландырярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 3:1
19 Iomraidhean Croise  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Şol wagt Isanyň at-owazasy Hirod hanyň gulagyna baryp ýetdi.


Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa üçin Ýahýany tutduryp, el-aýagyny gandallap, zyndana taşladypdy.


Hirodyň doglan güni Hirodiýanyň gyzy ortada tans edip, Hirodyň göwnüni çaglady.


Hany, bize aýt, Seniň pikiriňçe, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa dogry däl?» diýip soradylar.


Ony daňyp, häkim Pilata eltip tabşyrdylar.


Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa bolsa Hiroda: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýipdi. Şonuň üçin Hirod adam iberip, Ýahýany tutdurypdy, onuň el-aýagyny gandallap, zyndana saldyrypdy.


Bir güni amatly pursat gabat geldi. Hirod öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň tanymal adamlaryny çagyryp, toý tutdy.


Şol wagt käbir fariseýler gelip, Isa: «Bu ýerden çykyp, başga ýere git. Hirod Seni öldürmek isleýär» diýdiler.


Şol günlerde Rim imperatory Awgust tutuş imperiýada ilat ýazuwyny geçirmek barada perman çykardy.


Şeýlelik bilen, Pilat olaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi.


Emma baş häkim Hirod öz doganynyň aýaly Hirodiýa öýleneni üçin we başga-da köp erbet işleri edeni üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar boldy.


Şol wagt Hirod han bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Sebäbi käbir adamlar: «Ýahýa direlipdir!» diýýärdiler.


«Çuňňur hormatlanýan häkim Felikse Klawdiý Lisiýasdan dogaýy salam!


Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.


Şundan soň Agrip şa, Festus häkim, Bernik we olar bilen oturanlar ýerlerinden turdular.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan