Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 24:4 - Mukaddes Kitap

4 Muňa haýran bolup durkalar, garşylarynda lowurdaýan lybasda iki sany adam birdenkä peýda boldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Муңа хайран болуп дуркалар, гаршыларында ловурдаян лыбасда ики саны адам бирденкә пейда болды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 24:4
9 Iomraidhean Croise  

Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna, garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.


Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak lybas geýnen bir ýaş ýigidiň oturandygyny görüp geňirgenişdiler.


Birdenkä olaryň öňünde Rebbiň bir perişdesi peýda boldy we Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular.


Aýallar gorkup, başlaryny ýere egdiler. Ýaňky adamlar olara: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?


Mundan soň resullar Ony görmeseler-de, henizem gözlerini göge dikip durdular. Birdenkä ak eşikli iki adam olaryň alnynda peýda bolup:


Birdenkä Rebbiň perişdesi peýda bolup, zyndanyň içinde nur parlady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz bol, tur!» diýdi. Şobada Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan