Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 23:2 - Mukaddes Kitap

2 Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Олар Исаны язгармага башладылар: «Биз бу адамың миллетимизи аздыряндыгыны гөрдүк. Ол императора салгыт төлемәге гаршы чыкяр ве Өзүни Месих хем Патыша дийип атландыряр».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 23:2
33 Iomraidhean Croise  

Ahap Ylýasy görüp, oňa: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän senmisiň?» diýdi.


Seni tanaýanlara dowam etdir sadyk söýgiňi, ýüregi dogrulara – dogrulygyňy.


Çünki Seniň sadyk söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr, meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär».


Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez.


Bir aýda üç çopany başymdan sowdum. Men goýun söwdagärlerini ýigrendim, olar hem meni ýigrendiler.


Emma olar nägile bolmaz ýaly, köle git-de, çeňňek taşla. Çeňňege düşen ilkinji balygy alyp, agzyny açsaň, salgyt tölemäge ýeterlik teňňäni taparsyň. Teňňäni al-da, Meniň üçinem, özüň üçinem salgyt töle» diýdi.


Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. Şonda Isa olara: «Onda imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.


Isany häkimiň huzuryna getirdiler. Häkim Ondan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa hem: «Aýdyşyň ýalydyr» diýdi.


Isa olara: «Imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa haýran galdylar.


Pilat Isadan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.


olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnynda soraga çekdim, emma Ol baradaky aýyplamalaryňyz dogry çykmady.


Emma olar hötjetlik edip: «Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş Ýahudyýanyň ilatyny öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.


Şeýlelikde, Pilatyň özi olaryň ýanyna gelip: «Bu Adamy nämede aýyplaýarsyňyz?» diýip sorady.


Olar: «Bu Adam jenaýatçy bolmadyk bolsa, Ony tutup, seniň ýanyňa getirmezdik» diýip jogap berdiler.


Şundan soň Pilat Isany boşatmaga synanyşdy. Emma ýahudylaryň baştutanlary gygyryşyp: «Ony boşatsaň, sen imperatoryň dosty dälsiň. Kim-de kim özüni patyşa saýsa, ol imperatora garşydyr» diýdiler.


Olar maňa ýöňkeýän aýyplaryny saňa subut edip bilmezler.


Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.


Şoňa görä-de, her kese berilmelisini: salgyt bolsa – salgydy, gümrük bolsa – gümrügi, gorky bolsa – gorkyny, hormat bolsa – hormaty beriň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan