Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 21:1 - Mukaddes Kitap

1 Isa gabagyny galdyryp seredende, baýlaryň ybadathananyň sadaka gutusyna öz sadakalaryny atyp duranyny gördi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Иса габагыны галдырып середенде, байларың ыбадатхананың садака гутусына өз садакаларыны атып дураныны гөрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 21:1
12 Iomraidhean Croise  

Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi.


Onsoň Ýehoýada ruhany bir sandygy alyp, onuň gapagyndan bir deşik açdy-da, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda, Rebbiň öýüne girilýän ýeriň sag tarapynda goýdy. Gapyny garawullaýan ruhanylar Rebbiň öýüne getirilýän bar kümüşleri şol sandygyň içine salardylar.


Rebbiň aýdyşy ýaly, Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi.


Nebukadnesar Hudaýyň öýündäki ähli ululy-kiçili gap-gaçlary, Rebbiň öýündäki hazynalary, patyşanyň we onuň emeldarlarynyň hazynalaryny Babyla alyp gitdi.


Ammarlara gözegçi edip, men Şelemýa ruhanyny, Sadok mürzäni, lewilerdenem Pedaýany belledim. Olaryň kömekçisi edip, Matanýanyň agtygy, Zakuryň ogly Hanany goýdum. Çünki bularyň hemmesi dogruçyl adamlar saýylýardy. Indi olaryň borjy doganlarynyň hakyny paýlamakdy.


Ýolbaşçy ruhanylar bolsa kümüşleri alyp: «Bu pullary ybadathananyň hazynasynda goýmak kanuna dogry gelmeýär, sebäbi bular gan nyrhydyr» diýdiler.


Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar» diýdi.


Ol bu sözleri ybadathanada öwredýärkä sadaka gutusynyň ýanynda aýtdy, ýöne hiç kim Ony tutjak bolmady, sebäbi Onuň wagty entek dolmandy.


Şeýdip, adamlar gygyrdylar, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar. Goşun surnaýlaryň sesini eşiden badyna şeýle bir uly şowhun turuzdy welin, galanyň diwarlary ýykyldy. Şol wagt goşun gala tarap okduryldy we ony basyp aldy.


Ýeriho galasyna içaly bolup baranlary gizläp saklandygy üçin, Rahaby we onuň dogan-garyndaşlaryny Ýeşuwa diri galdyrdy. (Onuň nesilleri şu günki gün hem ysraýyllaryň arasynda ýaşaýarlar.)


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan