Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 20:1 - Mukaddes Kitap

1 Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip, Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna geldiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Бир гүн Иса ыбадатхананың ховлусында халка өвредип, Хош Хабары вагыз эдйәркә, ёлбашчы руханылар, Төврат мугаллымлары ве яшулулар Онуң янына гелдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 20:1
10 Iomraidhean Croise  

Şol wagt Isa mähellä ýüzlenip: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? Her gün ybadathanada oturyp, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz.


Olar Isa: «Hany, bize aýt, Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Bu ygtyýary Saňa kim berdi?» diýdiler.


Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp, Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmäge başlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady.


Isa oňa jogap berip: «Men dünýä ähli zady aç-açan aýtdym. Ähli ýahudylaryň ýygnanýan sinagogalarynda we ybadathanada hemişe öwretdim, gizlinlikde hiç zat aýtmadym.


Petrus bilen Ýohanna halka gürrüň berip durkalar, birnäçe ruhanylar, ybadathana goragçylarynyň baştutany we saddukeýler olara garşy çykdylar.


Şeýdip, olar halky, ýaşululary we Töwrat mugallymlary öjükdirdiler. Stefany tutup, ýokary mejlise alyp geldiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan