Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Birdenkä olaryň öňünde Rebbiň bir perişdesi peýda boldy we Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Бирденкә оларың өңүнде Реббиң бир перишдеси пейда болды ве Реббиң ялкымы даш-төвереги ягтылтды. Чопанлар гаты горкдулар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 2:9
27 Iomraidhean Croise  

Ruhanylar bulut zerarly Rebbiň huzurynda hyzmata durup bilmediler, çünki Rebbiň şöhraty Hudaýyň öýüni doldurypdy.


Harun tutuş ysraýyl halkyna ýüzlenip geplän badyna, olar çölde buludyň içinde peýda bolan Rebbiň şöhratyny gördüler.


Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler.


Gül-pürçük bolar ol, şatlykdan, guwançdan ýaňa nagma aýdar. Liwanyň gözelligi, Karmeliň, Şaronyň görki berler oňa. Olar Rebbiň şöhratyny, Hudaýymyzyň şan-şöhratyny görerler.


Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».


Tur, parla, nuruň geldi, üstüňde Rebbiň şöhraty dogdy.


Şeýlelikde, men turup, düzlüge gitdim. Ol ýerde Rebbiň şöhraty Kebar kanalynyň ýakasynda gören şöhratym ýalydy, men ýüzin ýykyldym.


Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.


Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, ýalkanan gyz! Reb seniň bilendir!» diýdi.


Şol gije Beýtullahamyň golaýynda käbir çopanlar sürülerini goraýardylar.


Muňa haýran bolup durkalar, garşylarynda lowurdaýan lybasda iki sany adam birdenkä peýda boldy.


Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr.


Birdenkä Rebbiň perişdesi peýda bolup, zyndanyň içinde nur parlady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz bol, tur!» diýdi. Şobada Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy.


Sebäbi Özüne degişli bolup, gulluk edýän Hudaýym düýn gije bir perişdesini ýanyma iberdi.


Emma gije Rebbiň bir perişdesi zyndanyň gapylaryny açdy-da, olary daşary çykaryp:


Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.


Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Görnüş şeýle bir gorkunçdy welin, Musanyň özi: «Gorkudan ýaňa titreýärin» diýipdi.


Mundan soň men gökden inip gelýän başga bir perişdäni gördüm. Onuň uly ygtyýary bolup, şöhraty bütin dünýä nur saçdy.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan