Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 2:41 - Mukaddes Kitap

41 Isanyň ene-atasy her ýyl Pesah baýramynda Iýerusalime gidýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

41 Исаның эне-атасы хер йыл Песах байрамында Иерусалиме гидйәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 2:41
18 Iomraidhean Croise  

Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr.


Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.


Ýylda üç gezek ähli erkekleriňiz Ysraýyl Hudaýy bolan Beýik Hudaýyň huzuryna gelsin.


Birinji aýyň on dördüne Gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin.


Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin.


Isa on iki ýaşyna ýetende, olar baýramçylyk adaty boýunça ýene Iýerusalime gitdiler.


Ýahudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň tämizleniş dessurlaryny berjaý etmek üçin Iýerusalime gelipdiler.


Pesah baýramynyň öň ýanydy. Isa bu dünýäden aýrylyp, Atasynyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini bilýärdi. Isa bu dünýäde Özüniňkileri hemişe söýdi, olary ahyrky güne çenli söýdi.


Ýahudylaryň Pesah baýramynyň golaýlaşýandygy üçin Isa Iýerusalime gitdi.


Ýahudylaryň Pesah baýramy golaýlapdy.


Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň.


Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň.


Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Galla baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn.


Onuň äri Elkana tutuş maşgalasy bilen ýene ýyllyk gurbanlygyny bermek üçin hem-de beren wadasyny ýerine ýetirmek üçin, Şilo gitmekçi bolanda,


Elkana ýylyň-ýylyna Hökmürowan Rebbe sežde etmek hem Oňa gurbanlyk bermek üçin, Şilo galasyna gidýärdi. Ol ýerde Eliýiň Hopny we Pinehas atly iki ogly bardy. Olar Rebbiň ruhanylarydy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan