Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Шейлеликде, Юсуп хем Җелиледәки Насыра шәхеринден чыкып, Давудың Яхудыядакы Бейтуллахам шәхерине гитди, себәби ол Давудың уругындан болуп, онуң неслине дегишлиди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 2:4
24 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Rahel dünýäden ötdi. Ol Efrata, ýagny Beýtullahama gidilýän ýoluň gyrasynda jaýlanyldy.


Padanaramdan gaýdyp gelýärkäm, Kenganda Efrata ýetmäge sähel aralyk galanda, ýolda Rahel dünýäden ötdi. Bu meni erbet gama batyrdy. Men ony Efrata (häzirki Beýtullahama) gidilýän ýoluň gyrasynda jaýladym».


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.


Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.


Ilat ýazuwyndan geçmek üçin, her kim öz şäherine gitdi.


Ýusup ýazylmak üçin ol ýere göwreli adaglysy Merýemi hem alyp gitdi.


Bir gün Isa Öz dogduk mekany bolan Nasyra gitdi. Ol Sabat güni adatdaky ýaly sinagoga baryp, Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin ýerinden turdy.


Natanaýel oňa: «Nasyraly?! Ol ýerden, heý, bir oňly zat çykarmyka?!» diýdi. Filip hem oňa: «Ýör, görersiň!» diýdi.


Mukaddes Ýazgylarda: „Mesih Dawudyň neslinden, Dawudyň ýaşan Beýtullaham şäherinden geler“ diýip ýazylmanmy näme?» diýdiler.


Şeýdip, olaryň ikisi-de Beýtullahama çenli ýöräp gaýtdylar. Olar Beýtullahama gelip ýetenlerinde, bütin gala herekete gelip, aýallar: «Bu Nagomymy?!» diýip, bir-birlerinden soraşdylar.


Ine, Bowaz Beýtullahamdan geldi. Ol orakçylara: «Reb siz bilen bolsun!» diýip ýüzlendi. Olar hem: «Seni-de Reb ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.


Derwezäniň agzyna üýşen ýaşulular we beýleki adamlar Bowaza ýüzlenip: «Biz şaýatdyrys. Goý, Reb seniň öýüňe geljek aýaly Rahel we Leýa ýaly etsin! Ol ikisinden ysraýyl halky emele gelendir. Efrat urugynyň arasynda seniň döwletiň artyp, adyň Beýtullahama dolsun!


Goňşy aýallar çaga at goýup: «Nagomy üçin bir ogul doguldy» diýişdiler. Ony Obet diýip atlandyrdylar. Obet Dawudyň kakasy Ýyşaýyň kakasydyr.


Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Sen haçana çenli Şawulyň derdini çekip ýörjek? Men onuň Ysraýylyň üstünden patyşalyk etmegini ret etdim! Hany bol, küýzäňi ýagdan doldur-da, ýola düş. Men seni beýtullahamly Ýyşaýyň ýanyna iberjek, çünki Men onuň ogullarynyň arasyndan birini Özüm üçin patyşa saýladym».


Şamuwel Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirdi; ol Beýtullahama geldi. Galanyň ýaşululary sandyraşyp, onuň ýanyna geldiler-de: «Eýgilikmi?» diýdiler.


Dawut Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan efratly Ýyşaý diýen adamyň ogludy. Ýyşaýyň sekiz ogly bardy. Şawulyň döwründe Ýyşaý eýýäm garrap, ýaşy birçene baran adamdy.


Şawul ondan: «Ýigit, sen kimiň ogly bolarsyň?» diýip sorady. Dawut: «Seniň beýtullahamly hyzmatkäriň Ýyşaýyň ogly men» diýip jogap berdi.


Eger kakaň meniň ýokdugymy biläýse, onda oňa: „Dawut öz galasy Beýtullahama gitmek üçin rugsat sorap, maňa köp ýalbardy. Çünki olar tutuş urug bolup gurbanlyk berýän ekenler“ diýersiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan