Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Birdenkä perişde bilen birlikde gögüň san-sajaksyz goşuny göründi. Olar Hudaýy öwüp şöhratlandyrdylar:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Бирденкә перишде билен бирликде гөгүң сан-саҗаксыз гошуны гөрүнди. Олар Худайы өвүп шөхратландырдылар:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 2:13
18 Iomraidhean Croise  

Ýakup düýşünde ýerden asmana uzalyp gidýän basgançaklary gördi. Hudaýyň perişdeleri şol basgançaklardan ýokary çykyp, aşak düşüp ýörmüşler.


Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar, ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar.


Eý, ähli perişdeleri, Ony şöhratlandyryň! Eý, ähli gögüň goşunlary, Ony şöhratlandyryň!


Ýa Reb, maňa jogap ber, çünki Seniň sadyk söýgiň ýagşydyr; bolelin merhemetiňe görä, maňa nazar sal.


Ruh meni ýokary galdyrdy, men ýeňsämden: «Rebbiň şöhratyna Öz mekanynda alkyş bolsun!» diýen uly gopgunly sesi eşitdim.


Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy.


Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».


Ine, bu size bir alamat bolar: siz gundaga dolangy, ahyrda ýatan bir Çagany taparsyňyz» diýdi.


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Onsoň men tagtyň, janly mahluklaryň hem-de ýaşulularyň töweregindäki perişdeleri gördüm we olaryň seslerini eşitdim. Olar sanardan köpdi, müňlerçe müňdi, on müňlerçe on müňdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan