Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Şu gün Dawudyň şäherinde siziň üçin Halasgär doguldy. Ol Rebbimiz Mesihdir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Шу гүн Давудың шәхеринде сизиң үчин Халасгәр догулды. Ол Реббимиз Месихдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 2:11
38 Iomraidhean Croise  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Ýakup Merýemiň adamsy Ýusubyň atasydy, Merýemden bolsa Mesih diýip atlandyrylan Isa doguldy.


Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.


Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.


Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.


Rebbimiň enesi meniň ýanyma geler ýaly, men nädip beýle ýalkandymkam?


Öňki zamanda mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly, duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge, ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga, Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykardy.


Oňa Rebbiň Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy.


Şeýlelikde, Ýusup hem Jeliledäki Nasyra şäherinden çykyp, Dawudyň Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherine gitdi, sebäbi ol Dawudyň urugyndan bolup, onuň nesline degişlidi.


Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir).


Filip Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň Töwradynda we beýleki pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan Adamy tapdyk. Ol nasyraly Ýusubyň ogly Isa eken!» diýdi.


Ol Isa: «Hawa, Agam. Men Seniň şu dünýä gelmeli Hudaýyň Ogly Mesihdigiňe ynanýaryn» diýdi.


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


Aýal Oňa: «Men Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady düşündirer» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir.)


Olar aýala: «Indi biz seniň aýdanlaryňa görä iman etmeýäris, muny özümiz eşitdik. Ol, dogrudan-da, dünýäniň çyn Halasgäri» diýdiler.


Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe ynanýarys we muny anyk bilýäris» diýip jogap berdi.


Başgalary: «Bu Mesihdir» diýdiler, emma käbirleri: «Bolup bilmez! Mesih, heý-de, Jelileden gelermi?


Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.


Şeýlelikde, Hudaý Öz beren wadasyna görä, Dawudyň neslinden Isany ysraýyl halkyna Halasgär edip iberdi.


Ol Mesihiň görgi görmeginiň we soňra ölümden direlmeginiň gerek bolandygyny düşündirip subut etdi. Ol: «Meniň size wagyz edýän Isam Mesihdir» diýdi.


Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».


Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy.


Ilkinji ynsan ýeriň topragyndandy, ikinji Ynsan bolsa Göklerdendi.


Ata Hudaýyň şan-şöhraty üçin, her dil Isa Mesihiň Rebdigini ykrar eder.


Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.


Şeýlelikde, Isa Mesihi Rebbiňiz hökmünde kabul edişiňiz ýaly, Onuň görkezen ýoly bilen ýöräň.


Biz Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberendigini gördük we muňa şaýatlyk edýäris.


Isanyň Mesihdigine ynanýan her bir adam Hudaýyň perzendidir. Atany söýýän adam Onuň perzendini-de söýýändir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan