16 Birinjisi gelip: „Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň on horjun pul gazandy“ diýýär.
16 Биринҗиси гелип: „Хоҗайын! Сениң бир хорҗун пулуң он хорҗун пул газанды“ диййәр.
Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara: „Men gelýänçäm, şu puly işlediň“ diýip, hersine bir horjun pul berýär.
Emma muňa garamazdan, ol ygtyýarlyk alyp, yzyna dolanýar. Soňra ol pul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, kimiň näme gazananyny bilmek isleýär.
Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadyk bolanyň üçin on şähere häkim bol“ diýýär.
Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.