Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 19:12 - Mukaddes Kitap

12 Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir begzada şalyk sürmäge ygtyýarlyk almak üçin, bir uzak ýurda ýola rowana bolýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Иса шонуң үчин шейле дийди: «Бир бегзада шалык сүрмәге ыгтыярлык алмак үчин, бир узак юрда ёла рована боляр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 19:12
18 Iomraidhean Croise  

Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldürip, mirasyny elinden alalyň“ diýişýärler.


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär.


Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.


Soňra Isa halka şu tymsaly gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, ony bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak wagtlyk başga ýurda gidýär.


Pata berip durka, olardan aýrylyp, göge göterildi.


Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir.


Edil şonuň ýaly, Mesih hem köp adamlaryň günälerini ýuwmak üçin, bir gezekde gurban boldy. Emma Ol ikinji gezek gelende, günäleri ýuwmak üçin däl-de, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler.


Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan