Ahabyň döwründe beýtelli Hiýel Ýerihony täzeden dikeltdi. Hiýel onuň düýbüni tutanda, nowbahar ogly Abyramy gurbanlyk etdi. Ýerihonyň derwezelerini oturdanda, ol iň kiçi ogly Seguby gurbanlyk berdi. Şeýdip, Rebbiň Nun ogly Ýeşuwa arkaly aýdan sözi berjaý boldy.
Soňra olar Ýeriho şäherine geldiler. Isa şägirtleri we uly mähelle bilen bu şäherden çykyp barýarka, Timaý ogly Bartimeý kör ýoluň gyrasynda dilegçilik edip otyrdy.
Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.