Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Luka 18:1 - Mukaddes Kitap

1 Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Онсоң Иса шәгиртлерине оларың хемише Худая дога эдип, асла рухдан дүшмезлигиң зерурлыгы хакда бир тымсал айдып берди:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Luka 18:1
26 Iomraidhean Croise  

Emma Rebden gorkýanlar üçin, ezelden ebedä çenli dowam edýär Onuň söýgüsi. Rebbiň ähtini saklap, buýrugyny berjaý edýänler üçin, Rebbiň gutulyşy dowam edýär nesillerboýy.


Onuň şöhratly adyna nagmalar aýdyň, Oňa ajaýyp alkyşlar aýdyň.


Eý, Hudaý şäheri! Sen hakda şöhratly zatlar aýdylýar. Sela


Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.


Iýerusalimi berkidip, ony ýer ýüzüniň şöhraty edýänçä, oňa ynjalyk bermäň.


Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gelip, Maňa doga okarsyňyz, Men-de sizi eşiderin.


Indim daglaryň düýbüne. Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm. Ýöne, eý, Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.


Hawa, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.


Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.


Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.


Her bir ýagdaýda ýalbarmak bilen, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly Hudaýa doga-dileg ediň. Hüşgär boluň, Hudaýyň ähli halky üçin hemişe dilegde boluň.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.


Yhlas bilen hemişe Hudaýa doga okaň, doga-dilegde şükür edip, hüşgär boluň.


Dyngysyz doga-dileg ediň.


Hanna Rebbiň huzurynda uzak wagt dileg edensoň, Eliý onuň agzyna seredip otyrdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan